Belet Music

Aýdymlar. Wideolar. Podkastlar

Millionlarça aýdym, täze çykan albomlar we aýdymlar, aýdym-saz klipleri hem-de size laýyk teklipler. Hemmesi bir programmada.

Belet Music programmasynyň baş ekranyBelet Music programmasynda Aura ekrany

Sizi duýýan aýdym-saz. Halaýan aýdymlaryňyz, täze açyşlar we hut siziň üçin döredilen tükeniksiz aýdym-saz akymy.

Keýp
Aýdymlar

Size maslahat berilýän pleýlistler

Programma her gün islegiňize görä täze ýygyndylary taýýarlaýar.

Aura Mix

Aura Mix — her gün täzelenýän, size laýyk aýdym-saz ýygyndylary.

Açyşlar

Açyşlar — her hepde täze aýdym-saz tapyndylary. Belet Music-de entek diňlemedik aýdymlaryňyz.

Aýdym-saz gutarmaýar

Aýdym gutardy — Aura başlanýar.

Meňzeş aýdymlar

Aýdym göwnüňize ýaradymy we şoňa meňzeş aýdymlary has köp diňlemek isleýärsiňizmi? «Meňzeş aýdymlar» funksiýasyny açyň, Aura bolsa size şoňa meňzeş aýdymlardan doly pleýlist taýýarlar.

Awtomatiki dowam etdirmek

Gözlegde gyzykly aýdym tapdyňyzmy? Ony açyň, Aura bolsa şoňa meňzeş aýdymlary awtomatiki dowam etdirer.

Dünýäniň aýdym-sazlary

Programmada nämeler bar

Türkmen aýdymlary we dünýäniň meşhur hitleri. Dürli ýurtlara, žanrlara we döwürlere degişli millionlarça aýdym.
Halaýan aýdymlaryňyzy ýükläp alyň we olary islän wagtyňyz, hatda internete birikmän hem diňläň.
Halaýan aýdym-sazlaryňyzy ýygyndyňyzda saklaň. Öz ýygyndyňyzy dörediň we halaýan aýdymlaryňyzy gaýta-gaýta diňläň.
Halaýan aýdymçylaryňyz indi has ýakyn. Aýdym-saz kliplerine tomaşa ediň we karaoke bilen halaýan aýdymlaryňyzy aýdyň.
Aýdym-sazlaryňyz ygtybarly saklanýar. Telefonyňyzy çalyşsaňyz hem, halaýan aýdymlaryňyz ýanyňyzda galar.

Telefon, planşet, telewizor, awtoulag

Öýde, ýolda we ulag sürüp barýarkaňyz aýdym-saz diňläň. Telefonlarda, planşetde, telewizorda we awtoulagda şol bir hasaby bir wagtda ulanyp bilersiňiz. Başga enjamda diňlemek üçin öňki enjamdaky hasabyňyzdan çykmagyň zerurlygy ýok.

Gurnamagyň ähli usullary

Siziň aýdym-saz dünýäňiz şu ýerden başlanýar

Millionlarça aýdym, aýdym-saz klipleri, podkastlar we size laýyk teklipler. Belet Music-i ýükläp alyň we öz aýdym-saz dünýäňizi açyň.